ProMosaik Children, Türkmen Halk Ertekileri

 

Bu kitapda ProMosaik çagalar üçin saýlanan Türkmen ertekilerini hödürleýär. Çagalary we ertekileri halaýar, sebäbi olar ertekileriň üsti bilen örän täsin dünýä girýärler, ol ýerde ähli zat täsin we durmuşynyň içinde bolmadyk adamlar we ýerler bilen tanyşýarlar. Bütin dünýäde çagalaryň kemala gelmeginde ertekileriň aýratyn orny bar we her bir medeniýetiň özüne mahsus ertekileri bar. Ertekileriň asyl maksady bolsa, aýdylan zatlardan özüne netije çykarmagy başarmak we ähli zatda oňat tarapdan pikir etmegi ýola goýýar, sebäbi ähli ertekilerde diýen ýaly netijede oňatlyk erbetlikden üsdün çykýar.

 

Ertekiler çagalara oňat tarapdan pikirlenmäge kömekçi bolup durýarlar, sebabi soňunda oňatlyklar erbetlikleriň hötdesinden gelýär. Bu ýygyndyda aşakdaky türkmen ertekilerini okap bilersiňiz:

 

Akylly gyz
Jadyly sözüň güýji
Dana han
Garataý
Akylly çopan
Akyl ýaşda däl
Üç dogan
Akylly Ahmet
Akylly garry

 

Bu ertekileriň esasy temalary bolup edermenlik, türkmen ýigitdir gelin-gyzlarynyň akyllylygy, adamlaryň haýwanlara bolan garaýşy, doganlyk, adalat we şuňa meňzeş temalar bolup durýar.

 

Çagalaryňyz bilen bilelikde bu ertekileri okap lezzet alyň we dünýägarayşyňyz bilen hyýalyňyzy bu ertekilerdäki adamlar we ýerler bilen giňeldip täze tejribeler başdan geçirmegiňizi arzuw edýäris.

 

Bu ýygyndy ProMosaik LAPH üçin Azat Abdullaýew tarapyndan taýýarlandy
https://www.epubli.de/shop/buch/T%C3%BCrkmen-Halk-Ertekileri-ANONYMOS-ANONYMOS-Azat-Abdulla%C3%BDew-9783748541646/86582